Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: Fransiýa

6 Maý 2024
179

Fransiýa Respublikasy Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik, Ýewropa Bileleşiginiň, «Uly ýedi» (G7) we «Uly ýigrimi» (G20) toparlarynyň agzasy bolup, ykdysadyýeti ösen, transkontinental döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Ýewropa Bileleşiginiň düzümine girýän ýurtlaryň arasynda Fransiýa ykdysadyýetiniň göwrümi boýunça Germaniýadan soň ikinji orny eýeleýär. Ýurduň ösüşiniň häzirki zaman tapgyry nazara alnyp, esasy wezipeleriň hatarynda ekologik kanunçylygyny kämilleşdirmek, sirkulýar ykdysadyýetine geçmegiň dürli derejeli maksatnamalaryny kabul etmek, ähli pudaklar üçin ýol kartalaryny işläp düzmek, eko-senagat parklaryny, eko-şäherlerini, eko-oba hojalyk önümçiligini döretmek ýaly derwaýys meseleler görkezilýär.

Makro we mikro derejelerde sirkulýar ykdysadyýetini ösdürmeklige Fransiýa uly ähmiýet berýär. Şu maksat bilen, «Sirkulýar ykdysadyýeti boýunça ýol kartasy: 50 çäre 100 göterimli dolanyşykly ykdysadyýet üçin» atly milli strategik resminama we paýtagt Pariž şäheriniň 2017 — 2020-nji ýyllar üçin sirkulýar ykdysadyýetiniň Meýilnamasy kabul edildi. Bu resminamalarda ekologiýa dünýägaraýşynyň we ýaşyl sarp ediş medeniýetiniň emele getirilmegine, ilatyň maglumat habarlylygyna we tebigy gurşawy goramak taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine, senagatda, oba hojalygynda we beýleki pudaklarda ekologik howpsuzlygy ýörelgelerine esaslanýan tygşytly ýapyk tehnologik zynjyrynyň oýlanyşykly ýola goýulmagyna has köp üns berilýär.

Gulbeşer BABAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, ykdysady ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar