Tygşytlylyk — kämillik

2 Maý 2024
228

«Tygşytlynyň rysgy iki» diýen ýaly pähimpisint sözleri tapanyma monçadym, ýöne bu-da bärden gaýtma eken: tygşytlylyk — ýaşaýşyň hem ilki, hem-de ahyrky şerti ýa-da ýaşaýşa hemişelik hemra şert. Tebigatdan mugtuna alýan ähli zatlarymyz, dem alýan howamyzdan başlap, gaýry tebigy eşret-serişdelerimiz özüne eşrepidenem has sarpaly, dogrusy, gudrat kimin garaýşy talap edýär. Çünki olary täzeden ýasap bolmaýar, onsoň munuň soňunyň-hasabynyň bardygyny dünýäniň häzirki ekologik ýagdaýy mesaňa görkezýär. Şu jähetden, biziň ozalky garaýşymyzyň birtaraplaýyndygy indi barha ýiti duýulýar. Muňa müňlerçe delillerden ýeke mysal: «Wagty tygşytlamak — pul» diýilmesi gowy, emma oňa derek «Wagtyňy ýitirmek — ömrüňi ýitirmek» diýilse, bize berlen ömür müddetiniň her pursat-pillesiniň gymmaty, ylaýta-da, pula deňärden has uly ähmiýeti hem dürs-dogry, hem dolulygyna açylýar. Diýmek, wagtyň sähelçesini-de, ýagny ujypsyzja ülşünem tygşytlamak — ömrüňi iňňän netijeli sarp etmegiň owal-ahyr talabydyr.

Tygşytlylyk maşgaladan başlanýar

Hakberdi AMANMYRADOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar