Köňül şähri

1 Maý 2024
187

Edil şeýleräk manydaky «Her zadyň öz wagty-sagady, ýeri bar» diýen sözler gepiň gerdişine göräräk aýdylagan. Bu diýseň-diýmeseň şeýle, hakykatdan-da, her zadyň öz wagty, sagady, ýeri bar. Uly uly ýerinde, kiçi-de tekrarlanyşyna görä, uludan kiçeldilen ýaly bolanda, tüýs diýmäjiniň diýmäjisine ogşaýar. Kynyň kyny, aňsadyň aňsady diňe ertekide bolýar. Durmuş — durmuş. Elbetde, göz giderlik, eşretli diýilýän durmuşa, ýaşaýşa «Edil ertekidäki ýaly» diýläýmesi bar.

Mysal üçin, Arkadag şäherindäki durmuş häzirki türkmen aň inženeriýasynyň şähergurluşygy innowasiýasy boýunça ýatsaň-tursaň kelläňe gelmejek iň soňky gazanylanlaryny şeýle ýönekeýden ýakymly deňeşdirme diýseň deňeşdirmä, meňzetme diýseň meňzetmä şaplaşyp duran sözlere rowa gördi. Bu jümle «akylly» şäherde adam hakdaky aladanyňmy, hoşallygyňmy aňlatmasy bolsa gerek.

Gurbanmämmet ÝEGENMYRADOW,
publisist.
Beýleki habarlar