Ösüşli geljegi nazarlaýan tutumlar

1 Maý 2024
214

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly başlangyçlary bilen işlenip düzülen, uly ösüşli geljegi nazarlaýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmegiň ýakyn ýyllardaky wezipeleri göz öňünde tutulyp taýýarlanan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ýokary depginlerde durmuşa geçirilýär.  

Ýurt möçberindäki ösüş maksatnamalarymyzda Diýarymyzyň günbatar sebitini ösdürmeklige hem uly üns berilýär. Sebitiň geografik ýerleşişi, amatly tebigy we bioklimat aýratynlyklary, gazylyp alynýan çig mal serişdeleriniň baý we köpdürli ýataklary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň giň gerimli ösüşleri üçin ygtybarly binýady emele getirýärler. Özem Hazarýaka sebiti ösdürmek ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna ykdysady taýdan oňyn täsirini ýetirýändigi bilen aýratyn ähmiýete eýedir. Hut şoňa görä-de, döwletimiziň ykdysady ösüşine gönükdirilýän düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň üçden iki bölegine golaýy welaýatymyzyň paýyna düşýär.  

Aşyrmämmet Bezirgenow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar