Gurmagyň hem döretmegiň döwri

1 Maý 2024
482

Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda gurmaga hem-de döretmäge esaslanýan döwlet syýasatymyz üstünlikli amala aşyrylýar» diýen dürdäne sözleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp hakykaty bolup dabaralanýandygyna her birimiz şaýat. Häzirki wagtda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýetilen belent sepgitler, amala aşyrylan taryhy özgertmeler halkymyza baky bagtyýarlygy bagyş etdi diýip, buýsanç bilen aýtmaga doly hakymyz bardyr. Şol ýetilen belent sepgitleriň, taryhy özgertmeleriň netijesinde dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ymykly goşulan ýurdumyza söýgi-buýsanç bolsa her bir raýatyň kalbynda joş urýar.

Dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ähli döwrebap amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we beýleki ulgamlara, önümçilige degişli binalardyr desgalaryň sanynyň ýyl geçdigiçe artmagy halkymyzyň baky bagtyýarlygyň eýesidigini görkezýän anyk subutnamalardyr we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nyşanydyr.

Akgül Gazakbaýewa,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň esasy hünärmeni-önümçilik hünär okuwynyň ussasy.
Beýleki habarlar