Beýik işler bilen beýgelýän Diýar

1 Maý 2024
223

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly unudylmajak taryhy wakalary bilen şöhratlanýar. Halkymyz — bu gün öz ykbalynyň, öz bagtynyň eýesi. Baky berkarar döwletimiz — biziň baş mukaddesligimiz. Bu mukaddesligi gözüň göreji ýaly goramak, syýasy hem ykdysady kuwwatyny berkitmek, bedew batly ösüşler bilen täze belentliklere tarap maksada okgunly öňe alyp gitmek belent borçdur.

Döwürleriň dowamynda ata-babalarymyz döwlet gurmak, onuň saýasynda erkana ýaşamak ugrunda kämil garaýyşlary öňe sürüpdirler, şu mukaddes topragymyzy gorapdyrlar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Berkarar döwlet istärin» diýmek bilen, Watan mukaddesligi hakynda ençeme şygyrlary nesillere miras galdyrypdyr. Paýhasly pederlerimiziň Watan mukaddesligi baradaky duýgy-düşünjeleri, ony goramak ugrunda görkezen gahrymançylyklary nesiller üçin görelde mekdebidir.

Gülzada Berdiýewa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymy.
Beýleki habarlar