Belent buýsanjyň beýany

1 Maý 2024
191

Dünýäde abraý-mertebesi belende galýan ata Watanymyzyň her bir güni şanly senelere, taryhy wakalara beslenýär. Ýurdumyzda gazanylýan oňyn ösüşler, ýetilýän belent sepgitler halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak ýaly asylly maksatlardan gözbaş alýar. Şeýle döwletiň raýaty bolmak, ýaşamak, işlemek, döretmek biziň her birimiz üçin döwletlilikden nyşandyr. Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar. Häzirki wagtda ähli pudaklar bilen bir hatarda, medeniýet ulgamynda hem uly ösüşler, özgerişler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen medeniýeti we sungaty gülläp ösýär. Bu günki günde türkmen medeniýeti dünýä ýüzünde giňden dabaralanýar.

Aslynda her bir döwlet beýleki döwletden öz milliligi, edim-gylymlary, däp-dessurlary bilen tapawutlanýar. Ähli taraplaýyn kämil, baý türkmen medeniýeti bu günki günde dünýäde öz mynasyp ornuny eýeleýär. Daşary ýurtlarda geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günleri, ýurdumyzda geçirilýän daşary ýurtlaryň Medeniýet günleri halklary ýakynlaşdyrýar, medeniýetleri baýlaşdyrýar, birek-birekden öwrenmek, kämilleşmek babatda giň mümkinçilikleri açýar.

Begmyrat Garryýew,
Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň direktory, welaýat halk maslahatynyň başlygy.
Beýleki habarlar