Şekillerde — bedewleriň waspy

30 Aprel 2024
249

Behişdi bedewlerimiziň gözelligi — döredijilik adamlarynyň ylham çeşmesi. Muny Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň heýkeltaraş mugallymy Maksat Şyhyýewiň agaçdan ýasaýan heýkel şekillerinde bedewleriň keşbiniň dürli öwüşginde şöhlelenmeginde-de aýdyň görýäris. Magtymguly etrabynyň seleň-sähralarynyň, ussadyň zehininden döreýän heýkel şekillerini ýatladýan dag gaýalarynyň, nakgaşyň çeken ajaýyp suratyna meňzeýän gözel tebigatynyň kämil keşbiniň... Maksat mugallymyň döredijilik ylhamynyň gözbaşydygyny onuň agaçdan ýasaýan kompozisiýa görnüşindäki, milli we döwrebap sazlaşyga eýe her bir eserinde görmek bolýar. Heýkeltaraşyň işlerini synlanyňda, onuň döredijiliginde bedewlere aýratyn ornuň degişlidigine göz ýetirýärsiň. Her bir eserinde bedewleriň şekilleri täzeçe mazmuna, görnüşe eýedigi bilen tapawutlanýar. Atasynyň «Görogly» şadessanyndan gürrüň beren wakalaryny günde-günaşa diňläp, ondaky Gyratyň keşbini heniz çagaka kalbyna nagyşlan heýkeltaraş bu gün behişdi bedewleriň şekillerini heýkellerine geçirip, naýbaşy eserleri halka ýetirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän, türkmen bedewleriniň waspyny belentden ýetirýän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp eserlerinden ylham alýan heýkeltaraş ýurdumyzda her ýyl giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli welaýatymyzda we paýtagtymyzda geçirilýän baýramçylyk sergilerine täze eserleri bilen gatnaşýar. Onuň eserlerine bedewleriň şekili özboluşly bezeg berýär. Muňa Garaşsyzlyk binasyna bagyşlanan «Türkmen binasy», baky Bitaraplygymyzy, ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Gülle, Watan!», şeýle-de bedewleriň şekilleri aýratyn orun tutýan «Bedew batly Watanym», «Çarpaýa galan bedewler», «Uçar ganatly bedew» atly we başga-da birnäçe işlerini synlanyňda-da göz ýetirmek bolýar. Olarda çarpaýa galan atlaryň şekilleri bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzyň okgunly ösüşlerini alamatlandyrýar. Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidigi «Ata Watan» atly işinde-de grafiki çyzgylarda görkezilýär. Sekizburçlugyň daşynda «Watan» hem-de «Ata Watan» görnüşindäki ýazgylary özünde jemleýän işiň her iki gyrasynda bedewleriň şekilleri aýratyn orun tutýar. Heýkeltaraşyň ýakynda döreden «Jan Watanym, Türkmenistan!» atly işinde-de dört tarapdan gelýän kerweniň şekiliniň başynda bedewe aýratyn orun berilýär.

Aýjemal GAÝLYÝEWA,
Balkanabat şäherindäki Magtymguly adyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy. Surata düşüren Andreý PAKULOW.
Beýleki habarlar