Birža täzelikleri

29 Aprel 2024
259

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Germaniýanyň, Maltanyň, Gruziýanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, ýangyç mazudyny, binýatlyk ýagy, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň telekeçileri aşgarlanmadyk nah matany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 65 million 358 müň amerikan dollaryna barabar boldy.

(TDH)
Beýleki habarlar