Gyzykly geçen ýaryşlar

26 Aprel 2024
192

Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň welaýat futbol federasiýasy bilen bilelikde guramagynda Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki 3-nji sport mekdepde futzal boýunça geçirilen ýaryşa welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň ýaşy 35-den kiçi bolmadyk işgärlerinden düzülen  toparlar gatnaşdylar. Gyzykly we çekeleşikli oýunlary peşgeş beren ýaryş aýlaw görnüşinde geçirilip, ol «Ýüpek ýoly» toparynyň ýeňiş gazanmagy bilen jemlendi. «Merdana» topary ikinji, «Hukukçy» topary bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Gulaýym Nazjanowa,
welaýat  bedenterbiýe we sport  baradaky Baş müdirliginiň 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi.
***
Balkanabat şäheriniň köpugurly sport toplumynda edara-kärhanalaryň  işgärleriniň we welaýat merkeziniň ýaşaýjylarynyň gatnaşmaklarynda küşt boýunça ýaryş geçirildi. Syrly göçümleriň ezberlerini bir ýere jemlän bäsleşik gyzykly ýagdaýda geçip, onda birinji orna «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň maşinisti Lukman Melikow mynasyp boldy. Bu konserniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Gaz toplaýyş we akdyryş müdirliginiň inženeri Wadim Kubrakow ikinji, Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, telekeçi Mämmedanna Halymow üçünji orunlara eýe çykdylar.

Aşyr BERDIÝEW.
Beýleki habarlar