Çempionlar Ligasynyň ýarym final duşuşyklary

26 Aprel 2024
176

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň ýe­ne-de ge­çi­ril­jek 5 du­şu­şyk­dan soň şu möw­süm­lik işi ta­mam­la­nar. Ýag­ny ýa­ry­m fi­na­l we fi­nal du­şu­şyk­la­ryn­dan soň UEFA-nyň iň uly klub ýa­ry­şyn­da umu­my­lyk­da 69-njy, Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň 32-nji möw­sü­mi­niň çem­pio­ny bel­li bo­lar. 2019/20 möw­sü­min­den soň iň­lis klub­la­ry bol­maz­dan ge­çi­ril­jek ýa­rym fi­nal­da 2 ne­mes to­pa­ry, is­pan­lar­dyr fran­suz­la­ryň hem 1 klu­by çy­kyş eder. Umu­my­lyk­da, UEFA-nyň 2 uly ýa­ry­şyn­da Çem­pi­on­lar Li­ga­sy hem-de Ýew­ro­pa Li­ga­sy – iki­sin­de-de ýa­rym fi­nal­da ýe­ke iň­lis klu­by hem gal­man, ýur­duň fut­bol­da­ky bar ab­ra­ýy şu möw­süm üçin Kon­fe­ren­si­ýa Li­ga­syn­da ýa­rym fi­na­la çy­kan «As­ton Wil­la­nyň» ger­de­nin­de. Soň­ky ge­zek 2014/15 möw­sü­min­de UEFA-nyň 1–2-nji de­re­je­li klub ýa­ry­şy­nyň ýa­rym fi­na­ly­na ýe­ke iň­lis klu­by hem çyk­man­dy.

3-nji ge­zek ýa­rym fi­na­la 2 ne­mes klu­by çy­kyp, mun­dan öň 2012/13 hem-de 2019/20 möw­süm­le­rin­de şeý­le wa­ka bo­lup­dy. Ola­ryň iki­sin­de-de «Ba­wa­ri­ýa» ýa­rym fi­nal­çy bo­lup, oňa il­ki «Bo­rus­si­ýa Dort­mund», soň­ra «Le­ip­sig» ýol­daş­lyk edip­di. Şol 2 möw­süm hem «Ba­wa­ri­ýa­nyň» çem­pi­on­ly­gy bi­len ta­mam­la­nyp­dy. 2012/13 möw­sü­min­de «Ba­wa­ri­ýa» bi­len «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» fi­na­la çy­kyp, mün­hen­li­ler şu ýyl­ky fi­na­lyň ge­çi­ril­jek ýe­ri bo­lan «Wemb­ley» sta­dio­nyn­da 2-1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. 2019/20 möw­sü­min­de-de pan­de­mi­ýa se­bäp­li çär­ýek fi­nal we 2 ne­mes, 2 fran­suz klu­bu­nyň ara­syn­da ge­çi­ri­len ýa­rym fi­nal du­şu­şyk­la­ry Por­tu­ga­li­ýa­da ge­çi­ri­lip, fi­nal­da-da «Ba­wa­ri­ýa» PSŽ-ni utup­dy.

Beýleki habarlar