“Saňa at diýmerin, gardaş diýerin...”

26 Aprel 2024
244

Pederlerimizden galan bir pähim bar: «Ertir tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy». Bu pentde juda tereň many bar. Behişdi bedew — halkyň buýsanjy. Türkmeni şonsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Taryhy köküni heňňamlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, ähli babatda milliligi bilen tapawutlanýan halkyň geçmişem, şu günem, ertirem bedew at bilen baglydyr. Bedewler — türkmeniň ganaty, toýda şöhraty, durmuşda wepadar hemdemi.

Gözbaşyny Jygalybeg atamyzdan alyp gaýdýan seýisçilik sungaty tanymal atşynaslaryň kemala gelmegine badalga bolupdyr. Ady ile dolup, hormat-sarpa eýe bolan seýisler Balkan welaýatynda-da az däl. Gyzylarbat, Bereket etraplaryndan bedewleri seýislemegi sungat derejesine çykaryp bilen Meret maýury, Armyk agany, Aman gülegi, Şyhberdi agany, Hoja agany... il-gün häzirem hormat bilen ýatlaýar. Olaryň seýisçilikdäki inçe tilsimlerem öz mynasyp dowamatyny tapýar. Şyhberdi Gurdowyň aty 1937-nji ýylda Aşgabatda döwlet derejesinde geçirilen ýaryşda baş baýragy eýeläpdir.

Hangylyç TAGANGYLYJOW,
Türkmenistanyň ussat mugallymy, mirasgär.
Beýleki habarlar