Nalçylar maşgalasy

26 Aprel 2024
264

Bu günler nalçy ussa Batyr Durdymedowyň iş-aladasy ep-esli artdy. Ýaňy Gün dogup, daň saz bererine mähetdel, ol öňünden tertiplän iş rejesine laýyk şaý-esbabyny ykjamlap, ýola düşýär. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň toýlanýan günlerinde ussat senetkär wagtynyň artyk bölegini welaýatyň atçylyk sport toplumynda geçirýär. Toplumyň töründäki athanalarda uly aýlawlara goşuljak ýyndam bedewler saklanýar. Batyr ussa olaryň toýnaklaryny nallaýar. Ol hepde ýarymyň içinde gamyşgulak bedewleriň baryny nallap ýetişdi. «At toýnagyndan belli» diýilýär. Ula goýberilýän bu bedewler ýelden ýyndam bady bilen çapuwa şowhun goşup, aýlawy bezeýärler.

Welaýatda geçiriljek at çapyşygyna görülýän taýýarlygyň çäginde Batyr Durdymedow etraplaryň obalaryna hem baryp, hojalyk atlarynyň toýnaklaryny nallady. Onuň bu işi şu günlerem dowam edýär. Diňe bir welaýatda däl, eýsem, onuň çäginden daşarda hem tanalýan nalçy ussanyň Boldumsaz şäheriniň Görogly köçesiniň orta gürpünde ýerleşýän öýüne at eýeleri, seýisler häli-şindi gelip, atlaryny nallap bermegini haýyş edýärler. Indi on bäş ýyldan gowrak wagt bäri bu käri inçelik bilen ýöredip gelýän halypa ussa olaryň haýyşyny salymyny bermän bitirmäge çalyşýar. Nalçy üç-dört günüň içinde uly aýlawlary baglan Gardaşym, Dorgoňur, Söýen, Gaplaň, Aýläle ýaly hojalyk atlarynyň toýnaklaryna laýyk nal ýasady, hut özi baryp, bu atlary nallap gaýtdy. «Onuň agyr ýüki — abraýy, alýan sagbolsunlary» diýip, halypa seýislerem nalçy barada hoş sözleri aýdýarlar.

Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar