Durmuş ugurly syýasatyň dabaralanmasy

25 Aprel 2024
157

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň ulanyşa girizilen gününde Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ynsan saglygynyň jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.

Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan we saglyklaryny dikelden Türkmenistanyň ýaşajyk raýatlarynyň gatnaşmaklary bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň aýdyň görkezijisi boldy. Bagtyýar çagalar we olaryň ene-atalary öz çykyşlarynda saglyklaryny dikeltmekleri, şadyýan durmuşda doly derejeli ýaşamaklary babatda döredilen mümkinçilikler, döwletimiziň we halkymyzyň bähbidine durmuşa geçirilýän beýik işler üçin türkmen halkynyň Milli Liderine, hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler. Bu çagalara döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Beýleki habarlar