Dünýä we Magtymguly

25 Aprel 2024
150

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Tbiliside iş saparynda boldy. Onuň çäklerinde türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat, hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy we Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde guralan maslahat dostlukly ýurduň ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini, Tbiliside akkreditirlenen diplomatlary, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryny, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, beýik söz ussadynyň eserlerinde Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyga çagyryş ýaly umumadamzat gymmatlyklary öz beýanyny tapýar.

Beýleki habarlar