Sport ýaryşlary geçirildi

25 Aprel 2024
234

Dänew etrap bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly şygar astynda sport ýaryşlaryny guradyk. Etrabyň ýaş türgenleriniň gatnaşmaklarynda sportuň küşt, şaşka, woleýbol, dzýudo görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlara ildeşlerimiz uly ruhubelentlik we ýokary işjeňlik bilen gatnaşdylar. Munuň özi ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmekde, sagdyn bedende sagdyn ruhy kemala getirmekde geçirilýän işleriň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedigini görkezdi. Çekeleşikli geçen ýaryşlarda 24-nji orta mekdebiň okuwçysy Merjen Halmuradowa küşt, Nargiza Sahypjanowa dzýudo, «Galkynyş» toparynyň türgenleri woleýbol boýunça geçirilen ýaryşlarda iň ýokary netijä eýe boldular. Ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenlere etrap komitetimiz tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Saýýara JUMADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.
Beýleki habarlar