Türkmen atşynaslyk mekdebi: milli ýörelgeler we dünýä tejribesi

25 Aprel 2024
348

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — bedew batly ösüşleriň, beýik işleriň zamanasy. Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň tomsunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň ilkinji tapgyrynyň açylmagy täze taryhymyzyň şöhratly wakalarynyň birine öwrüldi. Köp sanly durmuş-medeni maksatly binalary özünde jemleýän «akylly» şäherde ylym-bilim ulgamyna degişli binalaryň hem mynasyp orny bar. Şöhratly ahalteke bedewleriniň ýetişdirilen gadymy topragynda binýat tutan bu şäherde atçylyga degişli desgalaryň birnäçesiniň bolmagy özboluşly mana eýedir. Bu ýerdäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bolsa sebitde hut şu ugra ýöriteleşdirilen ilkinji ýokary okuw mekdebidir. Biz Türkmen bedewiniň milli baýramyna döwlet derejesinde taýýarlyk görülýän günlerde bu ýokary okuw mekdebinde myhmançylykda bolup, baýramçylyk aladalary bilen ýerinde tanyşmagy makul bildik. Bu ajaýyp baýramçylyga görlen taýýarlyk hem-de ýokary okuw mekdebinde döredilen döwrebap şertler, alnyp barylýam işler barada akademiýanyň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň halk atşynasy Pygy BAÝRAMDURDYÝEW şeýle gürrüň berdi:

— Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bedew baýramyna görülýän taýýarlyk bilen tanyşdy. Şu ýyl ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän bu milli baýramçylyk mynasybetli dabaralar ilkinji gezek Arkadag şäherinde giňden ýaýbaňlandyrylýar. Baýramçylygyň esasy çäreleriniň birnäçesi atçylyk akademiýamyzda guralýar. Munuň özi biziň üçin uly mertebedir. Gahryman Arkadagymyzyň beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, baýramçylyk günlerinde ýokary okuw mekdebinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisini, «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVI halkara ylmy maslahaty, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny we döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny ýokary guramaçylykly geçirmek babatda düýpli taýýarlyk işleri alnyp baryldy.

Ýazga geçiren Çaryguly HANJAÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar