Ýyndamlygyň we gözelligiň çeper keşbi

25 Aprel 2024
341

Düýn Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Ahalteke bedewiniň gaýtalanmajak keşbi, häsiýeti, duýgurlygy döredijilik we sungat işgärlerini ajaýyp eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Türkmen halkynyň milli gymmatlygy we buýsanjy bolan ahalteke atlary ynsanyň döredijilik paýhasynyň tebigaty bilen utgaşyklykda döredilýän gözelligiň hem-de sazlaşygyň iň ýokary derejesini alamatlandyrýar. Hut şoňa görä-de, ynsan gylykly bedewler Türkmenistanyň häzirki döwrüniň nyşany, belent maksatlaryň dabaralanmagynyň, joşgunly zähmetiň hem-de ösüşlere tarap maksada okgunlylygyň nusgasy bolup durýar.

Begli ABDYKADYROW.
Surata düşüren Maksat GYLYJOW.
Beýleki habarlar