Nusgalyk ynsanperwerlik ýörelgesi

24 Aprel 2024
143

Häzirki wagtda ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk dünýäde halklaryň özara düşünişmegini goldamakda, syýasy we ykdysady gatnaşyklar üçin amatly ýagdaýy döretmekde möhüm gural bolup durýar. Bu ugurda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara jemgyýetçilikde eýeleýän orny nusga alarlykdyr. Halkymyzyň taryhyň dowamynda barha kämilleşdirip gelen we dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgelerine hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna eýerip, goňşy ýurtlara ugradylýan ynsanperwerlik kömekleri muňa şaýatlyk edýär. Döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasaty hoşniýetli daşary syýasatymyzyň binýady bolup durýar.

Ynsanperwerlik adamyň durmuşyny we saglygyny goramaga gönükdirilýär, adam mertebesiniň hormatlanmagyny üpjün edýär. Beýik ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine üýtgewsiz eýerip, ýagşylyk etmek, rehimdarlyk we ynsanperwerlik baradaky taglymatlaryny goldanyp, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky dostlugy has-da pugtalandyrmaga çalşyp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň çäklerinde iş kesilen daşary ýurt raýatlarynyň günäsini geçmek bilen, ynsanperwerligiň beýik nusgasyny görkezýär.

Berdimyrat Muhammedow,
welaýat prokurorynyň Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar