Eşretli ýaşaýşyň kepili

24 Aprel 2024
135

Täze taryhy döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Berkarar döwletimizde gazanylýan ösüşler bagtyýar raýatlaryň agzybirlikde çekýän döredijilikli zähmetiniň miwesidir hem-de halkymyzyň eşretli ýaşaýşynyň ygtybarly kepilidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine götermek boýunça asylly başlangyçlar, halk bähbidine gönükdirilen iri möçberli taslamalar, maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Mähriban halkymyzyň joşgunly, tutanýerli zähmeti esasynda jemgyýetimizde hem-de ykdysadyýetimizde ýetilen belent sepgitler täze ösüşlere badalga berýär» diýip nygtap geçmegi il-ýurt bähbitli işleriň rowaçlyga beslenýändigini subut edýär.

Döwletmämmet Durdymyradow,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar