Neçjarçylyk sungaty

23 Aprel 2024
457

Pederlerimiz agaç ussaçylygyna neçjarçylyk diýip at beripdir. Neçjarlyk sungaty öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar.

Neçjarçylyk kesbi erkek adamlara mahsus kär bolupdyr. Agaç ussalary garagaç, derek, arça, hoz, çynar, tut, erik, tal ýaly ýerli agaçlary ulanypdyrlar. Agajyň saýlanylyşy, işe taýýarlanylyşy onuň çeperçilik bezeglerine-de uly täsir edipdir. Ussalar agaçlary saýlap almak bilen, onuň ýaşyny, kölegede ýa-da Günüň aşagynda ösendigini hem aýdyp bilipdirler. Agaç ussalary agaç kersenleri, çanak, susak, çemçe, elek, kejebe, käsedir ownuk zatlary salmak üçin serkeç, oklaw, ik, ikbaş ýaly önümlerden başlap, has uly zatlara çenli ýasapdyrlar.

Suraý ÄRSARYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar