Aty bilen adygan türkmen

23 Aprel 2024
255

Türkmen halkynyň bedewe bolan söýgüsi örän ýokarydyr. Türkmen bedew ata «Görogly» ýaly şadessany bagyşlan halkdyr. Halkymyzyň seýisçilik, atşynaslyk sungaty öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Meşhur taryhçylar, syýahatçylar hem öz ýazgylarynda behişdi bedewlerimiziň waspyny ýetiripdirler. Hytaýyň, Hindistanyň, Müsüriň, Gresiýanyň taryhy rowaýatlarynda, dürli çeşmelerde türkmen bedewleri «behişdi bedew», «ganatly bedew», «daglaryň gerşinde ýaşaýan bedew» diýlip taryplanýar.

Orta asyrlarda ýaşan bir arap taryhçysy: “Türkmen atdan has oňat baş çykarýar. Ol atyna isleýşi ýaly terbiýe berýär. Atyny özi ösdürýär we ony taý wagtyndan başlap terbiýeleýär. Türkmeniň ýaşan ömrüni jemleseň, atyň üstünde geçen günleriniň ýerde oturanyndan köpdügine göz ýetirersiň” diýip ýazypdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda ýaşap geçen gadymy grek taryhçysy Gerodotyň ahalteke bedewleri baradaky sözleri häzirki günlerde-de dilden düşmeýär. Ol şeýle ýazypdyr: “Gündogarda ajaýyp atlar gezýän Nusaý atly ägirt uly giňişlik bar. Nusaý atlary öz gözelligi bilen tapawutlanýar. Bu bedew şalara mynasyp. Olar buýsançly başyny belent tutýarlar we ýallary howada öwşün atýar”.

Maýagül ARAZDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň jogapkär işgäri.
Beýleki habarlar