Maslahat geçirildi

22 Aprel 2024
424

Düýn — 22-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» atly maslahat geçirildi. Ýokary derejede geçirilen maslahata bu ýokary okuw mekdebiň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary we beýleki myhmanlar gatnaşdy.

Maslahatyň barşynda BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň wideoýüzlenmesi görkezildi. Soňra institutyň rektory çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ulag pudagyny ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeýändigini belledi. Çykyş edenler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» esasynda alnyp barylýan ulag diplomatiýasynyň daşary syýasatymyzy ösdürmekde giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtadylar. Şeýle hem ýakynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisinde garalan meseleler barada durlup geçildi.

Merjen ÝAZLYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby, «Watan».
Beýleki habarlar