Gadymy topragyň şöhraty

22 Aprel 2024
445

Şöhratly wakalara beslenýän taryhy günlerimizde hormatly Prezidentimiziň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny peşgeş bermegi baý mirasymyzy, bahasyna ýetip bolmajak medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy, taryhy mekanyň täze galkynyşlaryny dünýä ýaýmakda özboluşly goşant boldy.

Medeniýet sallançagynyň ilki bat alan ýerleriniň biri bolan Änew şäheri diňe bir türkmen taryhynyň şöhratly geçmişi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş türki älem üçin hem aýratyn ähmiýete eýedir. Şu jähetden, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny sowgat bermegi bagtyýar ildeşlerimiziň, türki halklaryň buýsanjyny artdyrdy.

Jeýran ISRAFILOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar