«Galkan» hokkeý toparynyň türgenleriniň we tälimçileriniň hormatyna dabara

22 Aprel 2024
150

21-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mejlisler zalynda 15 — 20-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan ýurdumyzyň «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerini we tälimçilerini sylaglamak dabarasy boldy. Çärä Içeri işler ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň, Milli olimpiýa we paralimpiýa komitetleriniň, sport federasiýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, türgenler, tälimçiler, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler. Ýaryşyň deslapky tapgyrynda oňa gatnaşyjylar iki topara bölündi, toparlarda ýeňiji bolanlar finala çykdylar. Ikinji orny eýelän toparlar bolsa bürünç medal ugrunda bäsleşdiler.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar