“Galkan” topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň Kubogyna mynasyp boldy

22 Aprel 2024
211

20-nji aprelde paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Alty günüň dowamynda Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler.

Ýaryşyň deslapky tapgyrynda oňa gatnaşyjylar iki topara bölündi, şol toparlarda ýeňiji bolanlar finala çykdylar. Ikinji orunlary eýelän toparlar bolsa bürünç medal ugrunda bäsleşdiler. Ilki buzly meýdançada üçünji orun ugrunda Özbegistanyň “Feniks” we Belarusuň “Wolat” toparlary güýç synanyşdylar. Ýaryşlaryň toparlaýyn tapgyrynda bu toparlaryň ikisi hem diňe bir gezek ýeňlişe sezewar bolupdylar. “Feniks” Türkmenistanyň “Galkan” toparyndan 1:9 (0:3, 0:4, 1:2) hasabynda, “Wolat” bolsa Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan» toparyndan 3:6 (1:3, 2:1, 0:2) hasabynda utuldy. Duşuşyk belarusly hokkeýçileriň artykmaçlygynda geçdi. Olar 12:4 (3:1, 6:1, 3:2) hasaby bilen ýeňiş gazanyp, bürünç medala mynasyp boldular.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar