Üstünlige beslenen ýaryş

22 Aprel 2024
161

Ýewropanyň we Aziýanyň ençeme ýurtlarynyň gatnaşmagynda gözel paýtagtymyzda guralan hokkeý boýunça halkara ýaryş Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň baýrak gaznasyny has-da baýlaşdyrdy. 15 — 20-nji aprelde geçirilen bäsleşik dünýäniň hokkeý janköýerleriniň nazaryny ata Watanymyzyň paýtagty merjen şäherimiz Aşgabada gönükdirdi.

Bize-de bu halkara ýaryşa gatnaşmak bagty miýesser etdi. Türkmen topragyna dünýä ýurtlaryndan gelen türgenleriň, tälimçileriň we beýleki myhmanlaryň Milli Liderimiziň paýhasyndan bina bolan Arkadag şäheriniň we ak mermere beslenen paýtagtymyzyň owadanlygy, arassalygy we ajaýyplygy bilen özlerinde juda ýakymly täsirleri galdyrandygy baradaky gürrüňlerini eşitmek diýseň ýakymly boldy. Türkmen hokkeýçileriniň, ýagny «Galkan» toparynyň üstünlikli çykyş etmegi bolsa ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşleriniň ösdürilmegi babatda durmuşa geçirilýän uly işleriň aýdyň görkezijisidir.

Begenç ŞIROW,
TDBGI-niň talyby.
Beýleki habarlar