Hokkeý ýaryşy: «Galkan» — çempion!

20 Aprel 2024
247

Şu gün paýtagtymyzda alty günläp dowam eden halkara hokkeý ýaryşy Türkmenistanyň «Galkan» toparynyň ajaýyp ýeňşi bilen tamamlandy. Final oýunda RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan» toparyndan 4:2 hasabynda üstün çykan ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň hokkeý topary Gyşky oýunlar sport toplumyny dolduran ýüzlerçe janköýerine hakyky ussatlygyny görkezip, ynam bilen ýaryşyň başyny çekdi.

Günüň birinji ýarymynda «Feniks» bilen «Wolat» üçünji orun üçin duşuşyp, ýaryş Belarusuň güýçli hokkeý toparynyň uly hasapdaky ýeňşi bilen tamamlandy. Şunlukda, özbekleriň «Feniksinden» 4:12 hasabynda üstün çykan bu topar Aşgabatda geçen çekeleşikli ýaryşda üçünji orna mynasyp boldy.

«Türkmenistan»
Beýleki habarlar