Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň dabaraly ýagdaýda açylmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalarynyň biri boldy. Şeýle döwrebap ýollaryň gurulmagy, ilkinji nobatda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmakda, ýurdumyzy ösdürmekde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu barada awtobanyň gurluşygyna dahylly hünärmenler, şeýle-de Mary welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylary buýsanç bilen gürrüň berýärler.
Döwlet KÖMEKOW,
«Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory: