Bu gün — final: «Galkana» güýçli bäsdeş garaşýar

20 Aprel 2024
159

Final duşuşygyndaky ornuny eýýäm öňňin kesgitlän «Galkan» hokkeý toparynyň paýtagtymyzda geçirilýän halkara ýaryşdaky garşydaşy belli boldy. Edil «Galkan» ýaly, «B» toparçada ähli duşuşyklaryny ýeňiş bilen tamamlan Russiýa Federasiýasynyň «Adihis-Kazan» topary şu gün geçiriljek aýgytlaýjy duşuşykda türkmen toparynyň bäsdeşi bolar.

Halkara ýaryşyň her bir gününe mahsus garaşylan we garaşylmadyk netijeler düýn geçirilen 5-nji tapgyryň duşuşyklarynda hem näçe diýseň gabat geldi. «A» toparçada jemleýji tapgyra çenli her biri 6 utukdan toplan Özbegistan Respublikasynyň «Feniks» we Eýran Yslam Respublikasynyň «Ice Box» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk janköýerleriň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Çünki bu duşuşykda gazanyljak ýeňiş topara üçünji orun ugrunda bäsleşmäge mümkinçilik berýärdi. Duşuşygyň eýýäm ilkinji minutlaryndan oýnuň gidişini öz eline alan özbegistanly hokkeýçiler bu depgini tä soňky sekuntlara çenli saklamagy başardylar. Şeýlelikde, olar jogapkärli duşuşykda 6:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, ýaryşyň üçünji orny üçin göreşmäge mümkinçilik aldylar.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW
Beýleki habarlar