Türkmen topragynyň hazynasy

19 Aprel 2024
260

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň ХV jilti hem biz lukmanlaryň ýankitabymyza öwrüldi. Onda milli lukmançylyk mirasy, şol sanda onuň bilen baglanyşykly türkmen Diýarymyzda ösýän dermanlyk ösümlikler dünýäsindäki endemik we seýrek duş gelýän täsin dermanlyk ösümlikleriniň birnäçesi barada giňişleýin maglumat berilýär. Kitap iki bapdan, ýagny dermanlyk ösümlikleriniň häsiýetnamasyndan we maglumatnamadan ybaratdyr. Bu dermanlyk ösümlikler Türkmenistanyň şypahanalarynda ýörite şypahana şertlerinde bejergi alýan adamlar üçin hem örän peýdalydyr.

Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň milli tebipçilikde hem halk lukmançylygynda 2000-den gowrak görnüşi peýdalanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň kitabynyň esasy maksady lukmançylyk ulgamynyň işgärlerine, dermanlyk çig mallary taýýarlaýanlara, ýygnaýjylara we ösümlik dünýäsi bilen iş alyp barýan ähli adamlara dermanlyk ösümlikler barada öz bilimleriniň üstüni ýetirmekden, olaryň daşky gurluşy, ösüş şertleri, himiki düzümi, lukmançylyk amalyýetinde peýdalanylyşy hem taryhy, ýygnamagyň möhleti hem-de usullary, saklamagyň düzgünleri barada maglumatlar bermekden ybaratdyr.

Jennet ÇARYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň kiçi ylmy işgäri.
Beýleki habarlar