Sportuň rowaçlanýan ýurdunda nobatdaky hokkeý baýramy

19 Aprel 2024
218

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýäde sport ýurdy diýlip ykrar edilmeginiň hakykatyň beýik dabaralanmasydygyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň häzirki ajaýyp günlerinde halkara jemgyýetçiligi ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirýär. Şu hepdäniň ilkinji gününden bäri paýtagtymyz Aşgabatda dowam edýän hokkeý boýunça halkara ýaryş Türkmenistanyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň hem dost-doganlygyň ýurdudygyny äleme aýan etdi.

15-nji aprelde paýtagtymyzda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň 10 ýurdundan toparlar gatnaşýar.

«Türkmen sporty».
Beýleki habarlar