Dost-doganlygyň dabaralanmasy

19 Aprel 2024
222

Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

15-nji aprelde paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşyna badalga berildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly taryhy wakalara beslenýär. Bu ýylda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi hem ýurdumyzyň sport abraýyny has-da şöhratlandyrýar. Soňky döwürde ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ýaş türkmenistanlylar bolsa sportuň hokkeý we figuralaýyn typmak görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýarlar.

Täjigül ŞIRMEDOWA,
Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň mugallymy.
Beýleki habarlar