Futbol täzelikleri

19 Aprel 2024
249

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.Bu tapgyrda myhmançylykda çykyş eden «Arkadag» topary «Energetikden» 7:0 hasabynda üstün çykyp, toplan 18 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýelemegini dowam edýär. Oýun gününiň esasy duşuşyklarynyň birinde «Altyn Asyr» myhmançylykda «Köpetdagy» 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Mary şäherinde geçirilen duşuşykda «Merw» «Şagadamdan» 2:0 hasabynda üstün çykdy. Paýtagtymyzyň «Aşgabady» öz meýdanynda «Nebitçiden» 2:1 hasabynda asgyn geldi.

Geçirilen duşuşyklardan soň «Altyn Asyr», «Ahal», «Şagadam» hem-de «Merw» toparlarynyň hersiniň 12 utuk toplandygyny bellemek gerek.

Şa­gel­di ÝAZ­MY­RA­DOW,
sport syn­çy­sy.
Beýleki habarlar