«Alajam — ak bagta ynamym meniň»

19 Aprel 2024
438

3-nji aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde ene-mamalarymyzyň sungat derejesine ýetirilen milli el işi bolan alajanyň döreýiş taryhyny, onuň ýaşaýyş-durmuşymyzda eýeleýän ornuny, ähmiýetini giňden açyp görkezmek, ýaş nesliň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen yglan eden «Alajam — ak bagta ynamym meniň» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.

«Alajam — ak bagta ynamym meniň» atly döredijilik bäsleşigine döredijilik bilen meşgullanýan dürli kärdäki we dürli ýaşdaky zenanlar öz döreden çeper eserleri, ýagny hekaýalary, makalalary, şahyrana oýlanmalarydyr poemalary, rowaýatlardyr tymsallary, goşgulary bilen gatnaşdylar. Bäsleşige hödürlenen eserleriň iň gowulary «Zenan kalby» žurnalynda yzygiderli çap edildi. Eserleriň döwrebaplygyna, many-mazmunyna, çeper beýan edilişine, žanr aýratynlygyna görä, emin agzalarynyň adalatly çözgüdi bilen, bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlendi..

Beýleki habarlar