Sportda ösüş bar

19 Aprel 2024
321

Her bir ene-ata öz çagalarynyň syratly bolmagyny arzuw edýändir. Sport çaganyň boýuny ösdürýärmikä? Boýuň uzyn, synalaryň gujurly bolmagy üçin sportuň haýsy görnüşleri bilen meşgullanmaly? Bu ata-eneleriň içgin gyzyklanýan sowaly. Biz hem bilermenleriň pikirini öwrenip, käbir sport görnüşleri barada töwerekleýin gürrüň etmegi makul bildik.

Geň ýeri: irden çaganyň boýy agşamkysyndan biraz uzynrak bolýar. Muny agşamky dynç alyşdan soň, biloňurganyň oňurga dokumalarynyň irden ýazylgan ýagdaýda bolup, agşama çenli biraz gysylýanlygy bilen düşündirilýär. Aratapawut, takmynan, 1 sm çemesi bolýar. Islendik çagany sporta berip, uzyn boýly edip ýetişdirip bolmaýandygyny turuwbaşdan bellemek zerur. Elbetde, bu ýerde nesil yzarlamak, sagdyn iýmitlenmek ýaly ýagdaýlara-da möhüm orun degişlidir. Şol bir wagtyň özünde, sportuň käbir görnüşleriniň beden synalaryny ep-esli gurplandyrýandygyny, özüňe, güýç-gaýratyňa hem ukyp-başarnygyňa bolan ynamy polat ýaly taplaýandygyny türgenler tassyklaýarlar.

Gülälek ORAZOWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň ýetginjekler lukmany.
Beýleki habarlar