«Baýeriň» taryhy çempionlygy

19 Aprel 2024
191

Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da çem­pi­on wag­tyn­dan öň bel­li bol­dy. 29-njy tap­gy­ra çem­pi­on­lyk­dan 3 utuk uzak­da baş­lan «Ba­ýer» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da «Wer­de­riň» der­we­ze­sin­den gol ba­ry­ny ýag­dyr­dy. Bo­ni­feý­siň, Dža­ka­nyň gol­la­ry hem-de Wirt­siň het-tri­gi bi­len 5-0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Le­wer­ku­zen şä­he­ri­niň «Ba­ýer» to­pa­ry möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 5 tap­gyr ga­lan­da, çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan et­di. Bu ýe­ňiş 1904-nji ýy­lyň 1-nji iýu­lyn­da esas­lan­dy­ry­lan klu­buň ta­ry­hyn­da­ky il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­dyr. Klub mun­dan ozal 5 ge­zek 2-nji ýe­ri eýe­läp­di (1997, 1999, 2000, 2002, 2011). 11 ýyl­dan bä­ri çem­pi­on­ly­gy özün­de sak­lap gel­ýän «Ba­wa­ri­ýa­nyň» bu üs­tün­li­gi­ni soň­lan­dy­ran «Ba­ýer» to­pa­ry «Bun­des­li­ga­da» çem­pi­on­lyk ga­za­nan 13-nji klub hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy.

29-njy tap­gyr­da «Ba­wa­ri­ýa» «Köl­ni» 2-0, «Ştut­gart» «Aýnt­rah­ty» 3-0 ha­sap­lar bi­len ýeň­di. «Ştut­gart» to­pa­ryn­da Gi­ras­si 25-nji go­lu­ny ge­çi­rip, bu ugur­da klu­buň re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Ozal­ky re­kord bir möw­süm­de 24 ge­zek ta­pa­wut­la­nan Ma­rio Go­me­se de­giş­li­di. Iki at­daş to­par­la­ryň du­şu­şy­gyn­da «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» myh­man­çy­lyk­da «Bo­rus­si­ýa M» to­pa­ry­ny Sa­bit­se­riň gol­la­ry bi­len 2-1 ha­sa­byn­da ýeň­di. «Le­ip­sig» bol­sa öz meý­dan­ça­syn­da «Wolfs­bur­gyň» der­we­ze­sin­den jo­gap­syz 3 gol gi­riz­di.

Beýleki habarlar