3 to­par­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji sü­rü­ji

19 Aprel 2024
208

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 3-nji ýa­ry­şy ABŞ-nyň Te­has şta­ty­nyň Os­tin şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. 5,5 ki­lo­metr­lik «Ame­ricas» tras­sa­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da «Ap­ri­lia Racing» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Ma­we­rik Win­ýa­les ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 20 aý­la­wy 41 mi­nut 9,503 se­kunt­da ge­çip, möw­süm­dä­ki il­kin­ji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Bu onuň Mo­to GP kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça 10-njy ýeň­şi bo­lup, ol 3 dür­li to­par­da ýe­ňiş ga­za­nan il­kin­ji sü­rü­ji hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. 29 ýa­şyn­da­ky pi­lot 2016-njy ýyl­da «Su­zu­ki» bi­len 1, 2017-2021-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da-da «Ya­ma­ha» bi­len 8 «Gran Pri­de» ýe­ňi­ji bo­lup­dy.

Ýa­ryş­da «Red Bull KTM» to­pa­ry­nyň 19 ýa­şyn­da­ky is­pan sü­rü­ji­si Ped­ro Akos­ta 2-nji ýe­ri eýe­läp, ol ýe­ňi­ji­den 1,728 se­kunt yza gal­dy. Mün­be­riň 3-nji bas­gan­ça­gy­na-da «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ital­ýan sü­rü­ji­si Enea Bas­tia­ni­ni çyk­dy. Ge­çi­ri­len 3 ýa­ryş­dan soň «Pri­ma Pra­mac» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Hor­ge Mar­tin 80 utuk bi­len sa­na­wyň ba­şy­ny çe­kip gel­ýär. Bas­tia­ni­ni­niň 59, Win­ýa­le­siň 56 utu­gy bar.

Beýleki habarlar