Ýollar

18 Aprel 2024
259

Ora çopan gije ýyldyza, gündiz ota-çöpe bakyp, ýol tapýan, haýwanlaryň häsiýetini, howanyň ýagdaýyny bilýän, iliň görmeýän aýak yzyny görýän yzçy hem synçy sähra alymydy. Bir günem guşluga çökdük welin, «Ural» ulagy geldi iňläp. Olar kileň rus eken. Ýol salgy soradylar. Ora däde sag eliniň süýemi bilen çägä çyzyp: «Ynha, uly ýol. Ynha, Aly ýol. Gös-göni gitseň, gara ýol» diýdi. Myhmanlar: «Sag boluň!» diýip ugradylar.

Men: «Myhmanlary azaşmaz ýaly etdiň, ýöne «Aly-Weli, uly-kiçi, ak-gara» diýýän ýollaryňa düşünmedik» diýdim. Ora çopan: «Gumlular ýola-da, ýolagça-da aýratyn gadyr goýýandyr. Ýoldaşynam ýolda synar, «Ýola ýoldaş bolduňmy?» diýip. Töwerekde seždegäh ýok bolsa, ýol gyrada çatma gurnap, Meşrep piri çagyryp, ýagşy dilegler eder» diýip, ýol barada gyzykly gürrüň aýtdy...

Döwletmyrat JUMADURDYÝEW,
mirasgär.
Beýleki habarlar