Paýhasa ýugrulan nusgalyk gollanma

16 Aprel 2024
303

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda türkmen topragynyň baý we şöhratly taryhyny dünýä ýaýmak baradaky tagallalaryň ähmiýetini il-ulsumyza düşündirmek hem-de şu şanly ýyly has-da dabaralandyrmak asylly ýörelgämiz bolup durýar. Türkmen halkynyň özüne mahsus taryhy, medeniýeti, adamzat medeniýetine goşan goşandy - maddy we maddy däl gymmatlygy bar. Hormatly Prezidentimiz jöwher paýhasyndan dörän “Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda halkymyzyň şöhratly taryhyny pähim-parasat bilen beýan edýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly ajaýyp kitaby halkymyza sowgat bermegi göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Täze kitaby okap, şöhratly taryhymyza bolan buýsanjymyz has-da artdy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmakda başyny başlan işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam edýändiginiň güwäsi boldy.

Jennet ÖREÝEWA,
Çärjew etrabynyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy.
Beýleki habarlar