Hususy pudak: okgunly ösüşler, geljegi uly mümkinçilikler

16 Aprel 2024
242

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde hususy pudak ýurduň ykdysady ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýar. Bu günki gün Türkmenistanda hususyýetçilige giň ýol açyldy. Uly ösüşleri gazanýan hususy pudak gysga döwrüň içinde azyk bolçulygyny hem-de halkyň gündelik sarp edýän harytlaryny üpjün edýän ulgama öwrüldi. Amala aşyrylan ykdysady özgertmeleriň netijesinde, nebitgaz pudagyny hasaba almanyňda, ýurduň jemi içerki önüminiň möçberinde telekeçiligiň paýy 70 göterimden geçdi. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek arkaly, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Tejribeden görnüşi ýaly, ýokary hilli önümler we ösen işewürlik derejesi bilen tapawutlanýan döwletleriň ykdysady üstünlikleri, ilkinji nobatda, milli önüm öndürijilere goldaw bermek syýasaty bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynda-da milli önüm öndürijiler üçin ähli zerur şertler döredilip, içerki bazaryň isleglerini ýerli önümler bilen doly kanagatlandyrmak, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredildi. Bu hakykat telekeçilik düzüminiň, salgyt ulgamynyň esaslarynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallarynyň geçirilmeginiň, ýer böleklerini, ýeňillikli karzlary bermegiň ýönekeýleşdirilmeginde, telekeçiler üçin karzlary, gümrük, söwda amallaryny resmileşdirmegiň kadalarynyň ýeňilleşdirilmeginde aýdyň şöhlelenýär. 2018 — 2024-nji ýyllarda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde hususy önüm öndürijileriň işiniň işjeňleşdirilmegi ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşiň ýokary depginleriniň saklanylmagyna ýardam etdi. Ykdysady görkezijilere salgylansak, 2023-nji ýylda hususy pudagyň kärhanalary tarapyndan öndürilen oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberiniň ösüş depgini 111,7 göterime, senagat önümleriniňki 106,7 göterime ýetdi.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar