Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş badalga aldy

16 Aprel 2024
249

Aşgabat, 15-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň 10 ýurdundan toparlar gatnaşýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýalaryň netijesinde, türkmen sporty hil taýdan täze derejä çykaryldy. Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar.

Beýleki habarlar