Ýaryşyň guramaçylygyna goşant

16 Aprel 2024
179

Merjen paýtagtymyzda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryş eýýäm ilkinji gününden ýokary guramaçylyk derejesine eýe boldy. Muny halkara sport baýramçylygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen myhmanlar hem nygtaýarlar. Bu babatda meýletinçi talyplar hem kesgitlenen ugurlaryň 14-si boýunça iş alyp barýarlar.

Has takygy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinden, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinden, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan saýlanyp alnan talyplaryň 200-si akkreditasiýa kartlaryny resmileşdirmek; protokol; sport ýygyndylary; lukmançylyk hyzmatlary; desgany dolandyrmak; maglumat tehnologiýalary; ýaýlyma bermek, media we metbugat; ýaryşyň açylyş, ýapylyş, sylaglaýyş dabaralary; iýmit üpjünçiligi; ulag hyzmatlary; myhmanlary garşy almak we ugratmak; myhmanlary ýerleşdirmek ýaly ugurlar boýunça degişli ýardamlary berýärler.

Azym ÖWEZOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy, halkara ýaryşyň meýletinçiler toparynyň jogapkäri.
Beýleki habarlar