Türkmen hokkeýi ösüş ýolunda

15 Aprel 2024
302

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap sport düzümleri taryh üçin gysga döwürde ýurdumyzda gyşky sport oýunlarynyň iň meşhury hasaplanýan hokkeýiň ösmegine şert döretdi. 2015-nji ýylyň maýynda Türkmenistanyň Milli hokkeý federasiýasy Halkara hokkeý federasiýasynyň agzasy boldy.

Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndy topary gysga döwürde oňyn netijeleri gazanyp, dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynyň «A» toparçasynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Şu ýylyň 10 — 16-njy marty aralygynda Gyrgyz Respublikasynda geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Meksikanyň we Günorta Afrika Respublikasynyň toparlaryndan üstün çykyp, indiki ýyl hem üçünji diwizionyň «A» toparçasynda oýnamaga hukuk gazandy. Bu diwizionyň «A» toparçasynda ýeňiji bolan topar indiki ýyl ikinji diwizionyň «B» toparçasynda çykyş etmäge hukuk gazanýar. Şeýle gurluş kämilleşýän toparlara geljekki möwsümlerde has güýçli toparlar bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik berýär. Her ýyl geçirilýän dünýä çempionatyna bolsa dünýäniň iň güýçli toparlarynyň 16-sy gatnaşýar.

Rüstem MÄMMEDOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar