Halkara hokkeý ýaryşy badalga aldy

15 Aprel 2024
253

Şu gün paýtagtymyzyň Gyşky oýunlar sport toplumynda Hokkeý boýunça halkara ýaryşynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň, Belarus, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyz, Özbegistan Respublikalarynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň, Oman Patyşalygynyň, Bahreýn Patyşalygynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň öňdebaryjy hokkeý toparlarynyň gatnaşmagynda şu gün badalga alan bu halkara sport ýaryşy Watanymyzyň syýahatçylygyny ösdürmekde hem uly ähmiýete eýe bolar.

Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny mundan beýläk-de belende götermek maksady bilen, şu ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi eziz Diýarymyzyň dünýä derejesinde sport abraýynyň has-da belende galýandygynyň nobatdaky şaýadydyr.

«Diýar».
Beýleki habarlar