Halkara hokkeý bäsleşigi

15 Aprel 2024
198

Şu gün — 15-nji aprelde gözel paýtagtymyz Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşy badalga aldy.  Hormatly Prezidentimiziň hokkeý boýunça halkara ýaryşa gatnaşyjylara Gutlagynda: «Eziz Diýarymyzyň sport taryhynda möhüm waka bolan bu ýaryşyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, hokkeý boýunça türgenleriň  ussatlyklaryny, tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna  berk ynanýaryn» diýen sözleri bäsleşigiň uly ruhubelentlige beslenjekdigini aýan edýär. Bu bäsleşikde türkmen janköýerleri ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony bolan «Galkan» toparyna uly ynam bildirýärler.  Bu toparda ençeme bäsleşiklere gatnaşan tejribeli hokkeýçileriň bolmagy bellenilmäge mynasypdyr.

«Zenan kalby».
Beýleki habarlar