PARYZDEPÄNIŇ KÄRIZLERI

15 Aprel 2024
309

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 12-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde arheologik gözlegleriň netijesinde, ýadygärligiň dag eteklerindäki böleginde üýtgeşik käriziň üstünden barlandygy baradaky habary diňläp, degişli ýolbaşçylara gadymy Kärizek obasyny suw bilen üpjün eden kärizler toplumyny geljekde ylmy taýdan öwrenmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz jöwher paýhasyndan dörän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda gadymy suw desgasy bolan kärizler barada gymmatly maglumatlary beýan edýär.

Ýurdumyzda Merkezi Aziýadaky ilkinji käriz ulgamynyň döredilendigini ylmy maglumatlar tassyklaýar. Kärizgenler gadymy döwürlerde käriz gazmagyň inçe tilsimlerini ussatlyk bilen ele almagy başarypdyrlar. Paryzdepäniň çäklerinden käriz ulgamynyň taryhy yzlarynyň tapylmagy bu ýerde suwaryşyň çylşyrymly ulgamynyň bolandygyna şaýatlyk edýär. Kärizler arkaly suwaryş ulgamynyň döredilmegi ýurdumyzda ösen ekerançylyk medeniýetiniň bolandygynyň aýdyň güwäsidir.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar