“Galkandan” tamamyz uly

15 Aprel 2024
200

Şu günler paýtagtymyzda sport ruhy höküm sürýär. 15 — 20-nji aprel aralygynda hokkeý boýunça halkara ýaryş geçirilýän ak şäherimizde dünýäniň on ýurdundan gelen türgenler buzdaky sportuň bu görnüşi boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezerler. Biz — sport janköýerleri ozal teleýaýlymda synlaýan buz üstündäki oýunlarymyza ýakyndan tomaşa etmäge mümkinçilik alarys. Has dogrusy, biz bu ýaryşda ýurdumyza wekilçilik edýän «Galkan» toparyna janköýerlik ederis.

Hokkeý boýunça birnäçe gezek Türkmenistanyň çempiony bolmagy başaran «Galkan» topary öz janköýerlerine mynasyp oýny sowgat eder diýip ynamly aýdyp bileris. Şu güne çenli Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysynyň esasy oýunçylarynyň «Galkan» toparyndan düzülendigi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Şonuň üçin ýaryşda bu topardan uly netijelere garaşýarys. Onuň düzüminde ençeme ýyl bäri çykyş edip gelýän hokkeýçiler bar. Olar halkara derejede geçirilen birnäçe ýaryşa, okuw-türgenleşiklere gatnaşdylar. Bu bolsa olaryň gowy tejribe toplamaklaryna şert döretdi.

Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar