Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: Germaniýa Federatiw Respublikasy

14 Aprel 2024
269

Germaniýa Federatiw Respublikasy Ýewropa Bileleşiginiň we «Uly ýedi» (G7) toparynyň agzasy bolup, senagat taýdan ösen, ykdysadyýeti eksporta ugrukdyrylan, ýokary hünärli işçi güýjüne eýe bolan ýurt hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Germaniýa ýapyk dolanyşykly ykdysadyýete geçmekde özüniň aýratyn işjeňligi bilen tapawutlanýar. Tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmak, önümleri gaýtadan işlemek, galyndylary azaltmak üçin dolanyşykly önümçilikleri ösdürmek ýaly işler ýurduň durnukly ösüş syýasatynda möhüm orny eýeleýär. Şunda galyndylara çözülmesi kyn mesele hökmünde seredilmän, eýsem, olara täze önümçilik üçin mümkin bolan serişdeler nukdaýnazaryndan garalýar.

Häzirki wagtda Germaniýada kompaniýalaryň köpüsi galyndylardan çig maly öndürmek (recycling) bilen meşgullanýarlar. Ulanylan kagyzlary, aýnalary we plastik çüýşeleri gaýtadan işlemekden täze önümler alynýar. Bu önümçilik çykdajylaryny tygşytlamaga we galyndylaryň mukdaryny azaltmaga mümkinçilik berýär.

Gulbeşer BABAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, ykdysady ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar