Milliarderleriň täze nesli näme bilen meşgul?

14 Aprel 2024
286

«Forbesiň» milliarderler sanawyny emele getirýän täze nesil hususy işewürligi ýola goýýan blogerler ýa-da öz önümlerini millionlarça adamlaryň dykgatyna ýetirmegiň, internet arkaly tiz ýaýradylmaga ýakyn marketingi döretmegiň hötdesinden gelýän kompaniýalaryň hojaýynlary bolup durýar. Meselem, diňe Hytaýyň özünde geçen 2023-nji ýylda blogerler arkaly amala aşyrylan söwda 580 milliard amerikan dollary möçberinde boldy. 2028-nji ýylda bolsa bu görkeziji 2 trillion amerikan dollary möçberinde bolar diýip çaklanylýar. Blogerleriň şeýle mukdarda satuw edip biljekdigi hakda hatda 2020-nji ýylda hem hiç kim güman eden däldir. Diňe Hytaýyň çäginde şeýle söwda bolýan bolsa, onda bütin dünýäde näçeräk söwdanyň bolýandygyny göz öňüne getiriberiň.

Anyk mysallara ýüzlensek, energetik içgini döredenine ýaňy iki ýyl bolandygyna garamazdan, Logan Pol özüniň «Prime Energy» atly içgisinden geçen ýyl 1 milliard 200 million amerikan dollaryny gazandy. Bloger Mister Bistiň geçen ýylky gazanjy 1 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Hytaýly Korol Pomad bir strim bilen 1 milliard 700 million amerikan dollary möçberinde söwda etdi. Bloger Matilda Jeffiň egin-eşik söwdasyndan ýyllyk girdejisi 30 million amerikan dollaryna ýetýär. «Stenli» brend bulgurlaryndan hem ýylda 780 million amerikan dollaryny gazanýarlar.

Taýýarlan: Arzygül AMANMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
Beýleki habarlar